Daşoguzlylaryň ýyllar boýy çözülmeýän suw güzaplary

05-01-2017

Awto ulagy bolmadyk daşoguzlylar suw almaga eşek arabaly gatnaýarlar.
Awto ulagy bolmadyk daşoguzlylar suw almaga eşek arabaly gatnaýarlar.

Daşogzuň “Maslahat” daýhan birleşiginiň obalarynyň ýaşaýjylary özleriniň agyz suwy hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin 5-6 kilometr ýoly söküp, daýhan birleşiginiň merkezine gatnap, 3-4 günlük içjek suwuny plastik gaplaryna dolduryp daşamaly bolýarlar.

Buýanly obasynyň 60 ýaşa ýeten ýaşaýjysy Meýlis aga awto ulagynyň ýoklugy sebäpli, 6 kilometr aralygy geçmek üçin, ýarym gününi sarp edýändigini, şeýle-de ençeme sagatlap suw nobatynda garaşmaly bolýandygyny gürrüň berdi.

“Men eşek arabam bilen gatnaýaryn. “Maslahatyň” özündäki kranyň öňünde-de elmydama onlarça adam nobata durandyr. Şol ýerde-de birnäçe sagat durup, suwy alyp yzyma dolanýaryn” diýip, Meýlis aga Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleriniň birine gürrüň berdi.

20 müň töweregi ilatly daýhan birleşiginiň Garagum obasynyň başga bir ýaşaýjysy sebitden “Han ýap” we “Waskanal” ýaly zeý suwly kanallaryň geçýändigi sebäpli, öz howlularynda guýylary gazdyryp bilmeýändiklerini gürrüň berýär.

“Suwlar gaty duzly, hatda Lebap, Aşgabat ýaly ýerlerden getirilen sygyrlar-da şol suwy içmeýärler” diýip, 50 ýaşlaryndaky Italmaz aga gürrüň berdi.

Italmaz aga öz obalarynyň 1900-njy ýyllarda esaslandyrylandygyny, emma şondan bäri, ýüz ýyldan hem aşa wagtyň dowamynda sebitiň suw üpjünçilik meselesini çözmek ugrunda hiç bir işiň edilmändigini aýdyp zeýrendi.

“Halkyň ýagdaýy bilen hiç kimiň işi ýok. Häkim, arçyn edip goýlanlar hem barmagyny gymyldadysy gelenok” diýip, Italmaz aga nägileligini bildirdi.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda welaýatyň degişli resmilerinden hiç hili kommentariý almak başartmady.

Galyberse-de, agyz suwy ýetmezçiligi bilen bagly ýokarda beýan edilen ýagdaýlara sebitiň tas ähli etraplarynda diýen duş gelse bolýar. Azatlyk Radiosy daşoguzlylaryň agyz suwy, umuman, suw meselesini dowamly yzarlap gelýär.

Geçen tomus Azatlyk Radiosy ýurduň demirgazyk welaýatynyň Bereket obasynyň ýaşaýjylarynyň günde, ýeke-täk krandan, diňe bir sagatlyk akdyrylýan suwy almak üçin, nobatda durmaly bolýandyklary barada maglumat beripdi. Şol reportaždan soň, häkimiýetler 25 ýyl bäri dowam edip gelýän bu ýagdaýa çykalga hökmünde günde üç saparyna 20 tonnalyk ulag bilen agyz suwuny daşap başladylar.

Emma şol bir wagtda, sebitiň galan aglaba böleginde adamlaryň suw ýetmezçiligi sebäpli durmuşyň dürli, şol sanda saglyk, ekerançylyk ýaly ugurlarynda-da kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

Geçen ýyl prezident G. Berdimuhamedow Daşoguza Bagtyýar zaman obasyny açmaga gelende, döwlet mediasy onuň ýerli ilatyň “bagtly ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýändigini” öňe süripdi. Emma daşoguzlylar iň azyndan – eýýäm onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän – agyz suwy meselesini çözmek ugrunda hiç hili oňaýly özgerişiň göze ilmeýändigine ünsi çekýärler.

www.azathabar. com/

Category: Adam Hukuklary, Habarlar, Syýasat | RSS 2.0 | Give a Comment | trackback

No Comments

Leave a Reply