Türkmenistan metbugat azatlygynda yzdan üçünji ornuny saklaýar

26-04-2017


SRG türkmen metbugatynda prezidenti tankytlamagyň akyla sygjak zat däldigini aýdýar

“Serhetsiz reportýorlar guramasy” metbugat azatlygynyň awtoritar režimli ýurtlar bilen bir hatarda demokratiýanyň nusgasy hasaplanan ýurtlarda hem barha ýaramazlaşýandygyny duýdurýar.

Dünýä ýüzünde metbugat azatlygynyň ýagdaýyna gözegçilik edýän guramanyň 26-nji aprelde çap eden hasabatynda Türkmenistanindeksiň aşagyndaky 178-nji derejesini, diňe Demirgazyk Koreýadan we Eritreýadan ýokardaky ornuny saklap galypdyr.

SRG türkmen metbugatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy tankytlamagyň akyla sygjak zat däldigini, sebäbi medianyň tutuşlygyna hökümet kontrollygynda saklanylýandygyny aýdýar.

Mundanam başga, türkmen hökümeti daşary ýurtlarda ýerleşýän media guramalarynyň az sanly habarçylaryny hem ýanamagyny güýçlendirdi, ilatyň alternatiw habarlary almak üçin ulanýan iň soňky mümkinçiligini ýok etmek maksady bilen hemra antennalaryny aýyrmak kampaniýasyny dowam etdirýär diýip, hasabatda aýdylýar.

“Metbugatyň wezipesi – üstünlikleri beýan etmek”

Türkmenistanyň metbugat hakyndaky kanunynda senzuranyň gadagan edilýändigine garamazdan, türkmen prezidenti hökümet mejlislerinde žurnalistleriň we çeper döredijilik wekilleriniň wezipesiniň ýurtda gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri “giň beýan etmekden ybaratdygyny” gaýta-gaýta ýatladyp durýar.

Şeýle-de, metbugat neşirleriniň ýolbaşçylary kanun esasynda öz esaslandyryjylary tarapyndan wezipä bellenip-aýrylmaly ýa saýlanmaly hem bolsa, prezident tarapyndan işe bellenilýär we aýrylýar. Emma muňa garamazdan, türkmen lideri döwlet eýeçiligindäki metbugatyň ýolbaşçylaryndan, öz bellän kadrlarynyň işinden hemişe nägile bolýar.

Şeýle-de Berdimuhamedow ýurtda gazanylýan üstünlikleri beýan etmek üçin daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk gurulmagyna, ýokary derejeli žurnalist kadrlarynyň terbiýelenip ýetişdirilmegine çagyrýar.

Bu çagyryş netijesinde golaýda TDH Gazagystanyň “Kazinform” halkara habar agentligi bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. Mundan öň TDH Azerbaýjanyň “Trend” habar gullugy we beýlekiler bilen şeýle hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşypdy. Emma bu habar gulluklarynyň köpüsiniň Türkmenistanyň içinde işleýän resmi ygtyýarly habarçysynyň ýokdugy aýdylýar.

Ikinji tarapdan, Türkmenistanyň metbugat işgärleriniň ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnalýan dürli seminarlarda žurnalistikanyň halkara ölçegleri, iş usullary bilen tanyşdyrylýandygy habar berilýär. Şeýle seminarlaryň biri şu aý Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň metbugat-gulluklarynyň işgärleri we milli metbugatyň žurnalistleri üçin guraldy.

“Taýagyň iki ujy bar”.

Synçylaryň, şol sanda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň baş redaktory Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, bu ýerde taýagyň iki ujy bar:

“Bir tarapdan häkimiýetlere metbugatda hiç bir problemanyň gozgalmazlygy, diňe öwgi bolmagy peýdaly, sebäbi bu efir arkaly “gülala-güllük ýagdaýyny”hemme taraplaýyn abadançylykly ýurt görnüşini döredýär. Emma Türkmenistan bitarap ýurt hem bolsa, izolýasiýada däl, ol beýleki ýurtlaryň biznes kompaniýalary bilen-de, halkara syýasy guramalar bilen-de iş salyşýar we metbugat azatlygynyň bolmazlygy ilkinji nobatda häkimiýetleriň özlerine zyýan edýär” diýip, Tuhbatullin aýdýar.

Hukuk goraýjy Türkmenistanyň bu ýagdaýda daşary ýurt guramalary bilen türkmen kompaniýalarynyň we hökümetiniň arasynda ýüze çykýan düşünişmezlikleri aýdyňlaşdyrmakda ýeterlik mehanizminiň galmaýandygyny, netijede bu wezipäni türkmen DIM-niň ýerine ýetirmäge çalyşýandygyny we munuň o diýen täsirli bolmaýandygyny öňe sürýär.

Tuhbatullin bu pikirine delil edip, şu ýylyň başynda “Türkmengaz” bilen Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň arasynda bolan dawany mysal getirdi.

“Serhetsiz reportýorlar guramasynyň” hasabatynda metbugat azatlygynyň global görkezijileriniň örän ýaramazlaşandygy, bu ýagdaýyň media azatlygyna mundan öň görülmedik derejede wehim salýandygy aýdylýar.

2017-nji ýylyň metbugat azatlygy indeksiniň dünýä kartasy mundan öňkülerinden has garaldy we jemi 21 ýurt gara reňke boýaldy, 51 ýurt, geçen ýyldakydan iki ýurt kän, gyzyl reňke boýaldy. Tutuşlygyna alnanda bolsa,ýagdaý gözegçilik edilen 180 ýurduň üçden ikisine golaýynda ýaramazlaşdy we,başda ýadyşymyz ýaly, Türkmenistan yzdan üçünji orunda ýerleşýär.

Türkmenistanyň goňşulary Azerbaýjan, Eýran we Özbegistan hem SRG-nyň 2017-nji ýyl indeksiniň dünýä kartasynda gara reňke boýalan, bu metbugat azatlygy ýagdaýynyň “örän erbetdigini” aňladýar.

Orsýet, Belarus, Gazagystan we Täjigistan “erbet” diýen bahaly ýurtlara girýär, emma Gürjüstan, Ermenistan, Moldowa, Gyrgyzystan weUkraina “mämişi” reňk bilen belgilenipdir,bu olarda metbugat azatlygy boýunça entek “görnetin problemalaryň” bardygyny aňladýar.

www.azathabar. com

Category: Adam Hukuklary, Habarlar, Taryh we Medeniet | RSS 2.0 | Give a Comment | trackback

No Comments

Leave a Reply